Kaliforniýadaky gurakçylyk sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda gurakçylyk sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

1722697
Kaliforniýadaky gurakçylyk sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusom, ýurdyň günbatarynda eýýäm 3 ýyl bäri yzyly-yzyna gurakçylygyň başdan geçirilýändigini belläp, Kaliforniýa şatatynyň ýaşaýjylaryna suwy tygşytly ulanmak barada çagyryş berdi. 

Kaliforniýanyň ýaşaýjylaryndan suw sarp edişlerini azyndan 15 göterim azaltmaklaryny islän Gewin Nýusom, ýanýodalary we ulaglary akýan suw bilen ýuwmak ýaly köp suw sarp edýän gollanmalara garşy göreş üçin ştatyň Suw çeşmelerine gözegçilik edarasyna ygtyýar berdi. 

Ştatyň resmileri, gurakçylygyň tamamlanmagy üçin ýagyşlaryň möwsümdäki ortaça ýagyş görkezijilerinden 140 göterim köpelmeginiň gerekdigini belleýärler. 



Degişli Habarlar