Inkçekesel Sebäpli Ölýänleriň Sany Artdy

Koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykaran kynçylyklary sebäpli inçekesel sebäpli ölýänleriň sany artdy.

1720203
Inkçekesel Sebäpli Ölýänleriň Sany Artdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan berilen beýannamada bejergisi mümkin bolan bu kesele garşy göreşde ýetilen sepgidiň pandemiýa sebäpli bökdelendigi nygtaldy.

BSGG dünýäde 4,1 million adamda inçekeseliň bardygyny, şol sanyň 2019-njy ýylda 2,9 milliona dendiğini beýan etdi.

Guramanyň baş Direktory Tedros Adhanym Gebreýesus beren ýazmaça beýanatynda; “Bu habar millionlarça adama zyýan ýetirýän köne we bejergisi mümkin bolan keseliň diagnozy we bejergisi üçin maýa goýulmagyny ýatladýan duýduryş bolmaly” diýdi.

10 ýyldan gowrak wagt bäri inçekesel sebäpili ölýänleriň sanynyň ilkinji gezek artandygyny nygtan BSGG-nyň İnçekesel maksatnamasynyň Direktory Tereza Kasaýewa bolsa günde 4,100 ölüm bilen inçekeseliň Kowid-19-dan soň iň agyr ýokanç keseldigini we 2020-nji ýylda 1,5 milliona barabar adamyň şol sebäpli aradan çykandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar