Merkel Türkiýäniň Möhüm Pozisiýa Eýeleýändigini Aýtdy

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Ysraýylda Türkiýe hakyndaky soraga jogap berdi

1718460
Merkel Türkiýäniň Möhüm Pozisiýa Eýeleýändigini Aýtdy

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Türkiýäniň Ýewropa bikanun göçe garşy göreşde ÝB üçin möhüm pozisiýa eýeleýändigini beýan etdi.

“Žýuddaýçe Algemeýne” gazeti Iýerusalimde Milli Howpsuzlygy Öwreniş İnstitutyna baryp gören Merkeliň Türkiýe hakyndaky sözlerine orun berdi.

Federal Kansler Merkel ol ýerde Türkiýe hakyndaky soraga: “Türkiýäni görmediksiremäň. NATO agza Türkiýe Ýewropa bikanun göçe garşy göreşde ÝB üçin möhüm pozisiýa eýeleýär. Türkiýäniň uly maksatlary bar we gatnaşyklar ençeme tamasy puja çykýar. Başlangyç meselelerde pozisiýalar tapawutly hem bolsa, ýene-de pragmatiki ylalaşyklar tapylmaly. Aragatnaşyk dowam etmeli” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar