Twitter Talibanyň metbugat geňeşçisi Müjahidiň hasabyna çäklendirme girizdi

Zabihullah Müjahidiň iňlis dilinde paýlaşýan hasabyna bolsa hiç hili çäklendirme girizilmedi

1714208
Twitter Talibanyň metbugat geňeşçisi Müjahidiň hasabyna çäklendirme girizdi

Sosial media platformasy Twitter, Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahidiň pars we puştun dillerinde paýlaşýan hasabyna çäklendirme girizdi. 

Talibanyň metbugat geňeşçisi we Talibanyň hökümetiniň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň wekili Zabihullah Müjahidiň Twitter hasabyna girenler, "Üns beriň, bu hasap wagtlaýyn häsýetde çäklendirildi" diýip ýazylan ýazga gabat geldiler. 

Zabihullah Müjahidiň iňlis dilinde paýlaşýan hasabyna bolsa hiç hili çäklendirme girizilmedi. 


Etiketkalar: #Twitter , #Taliban

Degişli Habarlar