Eýran Samsungdan we LG-den Enjam Almagy Gadagan Etdi

Karar Ali Hamaneýiň görkezmesine laýyklykda kabul edildi

1712605
Eýran Samsungdan we LG-den Enjam Almagy Gadagan Etdi

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi dini Lider Ali Hamaneýiň görkezmesine laýyklykda Günorta Koreýanyň “Samsung” we “LG” firmalarynyň öý-hojalyk enjamlarynyň importuny bes etdi.

Dini Lider Ali Hamaneý Prezident Ebrahim Raisä ýazan hatynda importuň “ýerli öndüricä ýaramaz täsir ýetirýändigini we şol sebäpli onuň öňüniň alynmagy” boýunça görkezme berdi.

Raisi bolsa degişli ministrliklere Günorta Koreýanyň iki firmasyndan edilýän öý-hojalyk enjamlarynyň importunyň bes edilmegi hakynda karary ugratdy.

Eýranyň Prezidenti 10-njy sentýabrda beren beýanatynda ABŞ-nyň sanksiýalary güýje girizen ýyly bolan 2018-de ýurtdan maýa goýumlaryny çeken we Eýrana importy bes eden Günorta Koreýanyň firmalarynyň hatyrlarynyň indi gerek däldigini we şol ýurtdan “gözegçiliksiz importa” ýol bermejekdiklerini beýan edipdi.

Günorta Koreýanyň elektronik enjamlary öndüriji “Samsung” we “LG” firmalary Eýranyň öý-hojalyk enjamlary we öýjükli telefon bazarynda uzak ýyllardan bäri höküm sürýärdi.

 



Degişli Habarlar