Şwesiýada partlama boldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 16 adam ýaralandy

1711567
Şwesiýada partlama boldy

Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 16 adam ýaralandy. 

Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde näme sebäpli bolandygy entek anyklanmadyk güýçli partlama boldy. 

Şwesiýanyň SVT döwlet telewideniýe kanalynyň berýän habaryna görä, Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Martin Hallberg, partlamanyň ýerli wagt bilen sagat 04:48-de, şäheriň Annedal etrapçasyndaky binalaryň birinde bolandygyny habar berdi. 

Partlama sebäpli başlan ýangyny söndürmek işlerine 15 ýangyn söndüriji ulagynyň gatnaşýandygyny aýdan Hallberg, wakada 16 adamyň ýaralanandygyny we olaryň ählisiniň hassahanada bejergi astyna alynandygyny mälim etdi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #bina , #partlama , #Şwesiýa

Degişli Habarlar