“Türkiýe Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Üçin Tagalla Ederin”

Miçotakis, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän dartgynlyk hakynda durup geçdi.

1710362
“Türkiýe Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Üçin Tagalla Ederin”

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis, Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin uly tagalla etjekdigini nygtady.

BMG-nyň Baş Assamleýasynyň 76-njy sessiýasynda çykyş eden Miçotakis, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän dartgynlyk hakynda durup geçdi.

Miçotakis, Gresiýanyň Türkiýe bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýändigini, 2020-njy ýylda iki ýurduň arasynda başdan geçirlen dartgynlygyň indi gaýtalanmagyny islemeýändiklerini nygtady.

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis “Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň dowam etmegi üçin elimden geleni ederin” diýdi.



Degişli Habarlar