BMG-niň Energiýa Sammitinde 400 Milliard Dollarlyk Maýa Goýum Kepillendirildi

BMG-niň Energiýa sammitinde gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleriniň artdyrylmagy üçin hökümetler we hususy pudak 400 milliard dollardan gowrak maliýe hem-de maýa goýum kepillendirdi.

1710411
BMG-niň Energiýa Sammitinde 400 Milliard Dollarlyk Maýa Goýum Kepillendirildi

BMG-niň 76-njy Sessiýasynyň çäginde geçirilen Energiýa sammitinde çykyş Eden BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş howa çalşygy sebäpli ýüze çykýan pajygalaryň öňüni almak we global energiýa ýoksullygyny ortadan aýyrmak üçin gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleriniň mukdarynyň iki esse artdyrylmagy üçin çagyryş etdi.

750 million adamyň elektrik toguna elýeterli däldigini nygtan Guterriş, sap energiýa serişdelerine maýa goýmagyň millionlarça adamyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrjakdygyny, sap energiýanyň howa şertleri sebäpli ýüze çykýan apatlaryň öňüni almagyň iň amatly ýoly bolup durýandygyny beýan etdi.

Gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleriniň fosil ýangyçlary pudagyndan 3 esse köp iş üpjünçiligini döredýändigine ünsi çeken Guterriş, gelejek 10 ýylyň dowamynda energiýa ulgamlarynyň uglerod zyňylmyny uly mukdarda azaltman halatynda global ýylylygyň artyşynyň 2 gradusdan aşakda tutulmagy boýunça goýulan maksada ýetilmejekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar