Ýens Stoltenberg bilen Antoniu Guterriş özara duşuşyk geçirdiler

Duşuşykda Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalar we klimat çalşygy ele alyndy

1709455
Ýens Stoltenberg bilen Antoniu Guterriş özara duşuşyk geçirdiler

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde özara duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalar we klimat çalşygy ele alyndy. 

NATO tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä Ýens Stoltenberg bilen Antoniu Guterriş , BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde duşuşyk geçirdiler. 

Duşuşykda, halkara parahatçylyk we howpsuzlyk bilen terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Stoltenberg, howp astyndaky owganlaryň howpsuzlyklarynyň üpjün edilmegi babatynda edilýän işler barada Antoniu Guterrişe maglumat berdi. 

Duşuşykda Talibanyň howpsuz ýagdaýda ewakuasiýa edilmek, adam hukuklary we terrorizm bilen baglanşykly jogapkärçilikleriniň ýerine ýetirmeginiň üstünde durulyp geçildi. 

Klimat çalşygy hem duşuşykda ileri tutulýan ugurlaryň biri boldy. 



Degişli Habarlar