Russiýanyň Perm uniwersitetinde guralan ýaragly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Perm uniwersitetinde guralan ýaragly hüjümde ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi

1708207
Russiýanyň Perm uniwersitetinde guralan ýaragly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Perm uniwersitetinden berilen beýanatda, uniwersitediň binasynda bir adamyň töwerege od açandygy, mugallymlaryň we talyplaryň synplara gizlenendikleri habar berildi. 

Russiýanyň metbugatynda berilen wideo ýazgylarynda, uniwersitediň binasynyň içinde bolan adamlaryň penjirelerden gaçmaga synanyşandyklaryny, käbir adamlaryň bolsa synplaryň gapylarynyň öňünde barrikadalar goýandyklaryny görüp bolýar. 

Içeri işler ministrligi ýaragly hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy barada maglumat berip, wakadan gysga wagt soň hüjümçiniň od açylyp täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Russiýanyň Derňew komitedi hem beren beýanatynda, Perm uniwersitetinde guralan ýaragly hüjümde azyndan 8 adamyň ýogalandygy we ýaralanan adamlaryň bardygy mälim edildi. 

Beýanatda uniwersitediň talyby bolandygy anyklanan hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi we waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #uniwersitet , #Perm , #Russiýa

Degişli Habarlar