Fransiýadaky dik uçar heläkçiliginde 1 adam ýogaldy

Fransiýanyň günortasyndaky Izer şäherinde dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.

1705705
Fransiýadaky dik uçar heläkçiliginde 1 adam ýogaldy

Fransiýanyň Izer gubernatorlygy tarapyndan Willar de Lans sebitine halas ediş operasiýasyna tarap ýola çykan düzüminde ekipaž bilen birlikde jemi 5 adam bolan dikuçaryň ýere gaçandygy habar berildi.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi habar berilen beýanatda dikuçaryň näme sebäpli ýere gaçandygy entek anyklanmandygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan ýurdyň Içeri işler ministri Džerald Darmanin wakada ýogalan raýat howpsuzlyk tehniki işgäriň maşgalasyna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

Ýerli “Dauphine Libere” gazedi dikuçar heläkçiliginde beýleki 4 adamyň bolsa ýaralanandygy barada maglumat berdi.



Degişli Habarlar