Taliban Owganystanyň ýaňadandan dikeldiş işlerine Hytaýyň kömek berjekdigini habar berdi

Talibanyň Metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, Owganystanyň ýaňadandan dikeldiş işlerine Hytaýyň kömek berjekdigini habar berdi

1701592
Taliban Owganystanyň ýaňadandan dikeldiş işlerine Hytaýyň kömek berjekdigini habar berdi

Talibanyň Metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, Italiýanyň La Repubblica gazedinde "Taliban hökmünde Italiýanyň bizi ykrar etmegini isleýäris" we "Hytaý bize maliýe taýdan kömek berer" sözbaşyly makala çap etdi. 

Zabihullah Müjahid, Hytaý bilen bolan gatnaşyklar barada: "Hytaý Owganystanyň ýaňadandan dikeldiş işlerine kömek berer. Biziň esasy hyzmatdaşymyz bolar. Ýurdumyza maýa goýmak we dikeldiş işlerine kömek bermäge taýarlygy sebäpli Hytaý, biz üçin ýönekeý we adatdan daşary mümkinçilik hödürleýär" diýip habar berdi. 

Hytaýyň "Nesil Ýol" başlangyçlaryna ähmiýet berýändiklerini aýdan Müjahid: "Bu taslama gadymy Beýik Ýüpek ýoluny janlandyrar. Mundan başgada hytaýlylaryň saýasynda ýaňadadan işletdirip biljek mis magdanymyz bar. Soňky ugur bolsa Hytaý biziň dünýä bazarlaryna açylmagymyza wekilçilik eder" diýip mälim etdi. 

Müjahid sebitde täsirli bolan Russiýany hem möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandyklaryny we gowy gatnaşyklaryny dowam etdirjekdiklerini, Moskwanyň özleri bilen birlikde halkara parahatçylygyň şertlerini ýola goýmak ugrunda araçylyk etmäge dowam edýändigini beýan etdi. 

Kabul howa menziliniň haçan açyljakdygy bilen bagly soraga Müjahid, howa menziliniň gözegçiligini ele geçirendiklerini, emma uly zyýanyň çekilendigini belläp: "Türkiýe we Katar howa menziliniň ýaňadandan işletdirilimegi bilen gyzyklanýar. Öňümizdäki 3 günde dolulygyna saplanar we gysga wagtda ýaňadandan gurulyp tamamlanar. Howa menziliniň sentýabr aýynda işläp başlajakdygyny pikir edýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar