Yrak: "Türkiýeden Baýraktar TB2 we ATAK dikuçarlaryny satyn almak isleýäris" diýdi

Yragyň Goranmak ministri Juma Inad, Türkiýäniň ilkinji milli we özboluşly ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-ni, T129 ATAK dikuçarlary we döwrebap ýaraglaryny satyn almak isleýändiklerini habar berdi

1699963
Yrak: "Türkiýeden Baýraktar TB2 we ATAK dikuçarlaryny satyn almak isleýäris" diýdi

Yragyň Goranmak ministri Juma Inad, Yrakda ýerli telewideniýe kanalyna beren beýanatynda: "Türkiýeden Baýraktar TB2, 12 sany T129 ATAK dikuçaryny we 6 sany uçarmansyz howa ulaglaryna garşy goranyş ulgamlaryny satyn almak üçin teklip hödürledik we şertnama baglaşylmagyny isledik. Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagy babatynda ylalaşyk gazandyk" diýip mälim etdi. 

"Türkiýäniň Baýraktar atly ýaragly uçarmansyz howa ulaglary örän döwrebap we uly üstünliklere eýe boldy" diýip bellän Yragyň Goranmak ministri Juma Inad: "Bular gije hem hyzmat bermek mümkinçiligine eýe bolanlygy üçin terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşimizde peýdaly bolar. Yragyň goşuny bu tehnologiýadan mahrum" diýip belledi. 

19-njy awgustda Stambulda geçirilen Halkara Goranyş senagaty sergisine (IDEF'21) gatnaşan Yragyň Goranmak ministri Juma Inad, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen duşuşyk geçiripdi. 



Degişli Habarlar