Husiler, Saud Arabystanynyň Halkara Abha Howa Menzilini Nyşana Aldy

Husiler ýygy-ýygydan Saud Arabystanynyň günortasyny uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana alýar.

1700360
Husiler, Saud Arabystanynyň Halkara Abha Howa Menzilini Nyşana Aldy

Ýemendäki Husileriň Saud Arabystanynyň günortasynda ýerleşýän Halkara Abha howa menziline bomba ýüklenen uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde 8 adam ýaralandy.

Ýemende hökümete goldaw berýän Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky Arap koalisiýasyndan berlen ýazmaça beýannamada, Abha howa menziline soňky 24 sagatda bomba ýüklenen uçarmansyz howa ulagy bilen 2 hüjümiň guralandygy nygtaldy.

Beýannamada, ady agzalýan uçarmansyz howa ulagynyň Saud Arabystanynyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Beýannamada ilkinji kesgitlemelere görä hüjümde 8 adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Uzak wagtdan bäri syýasy durnuksyzlygyň höküm sürýän ýeri bolan Ýemende Husiler bilen hökümete tabynlykdaky güýçleriň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

Eýran tarapyndan goldanýan Husiler ýygy-ýygydan Saud Arabystanynyň günortasyny uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana alýar.



Degişli Habarlar