Meksika, Owganystanyň Raýaty 124 Žurnalisti Kabul Etdi

Meksika 25-nji awgustda hem Owganystandan çykarlan halkara baýraga eýe bolan 5 owgan zenany ýurduna kabul edipdi

1698217
Meksika, Owganystanyň Raýaty 124 Žurnalisti Kabul Etdi

Meksika, Owganystandan çykarlan owgan raýaty 124 žurnalisti ýurda kabul edendiklerini habar berdi.

Daşary işler ministri Marselo Ebrard, Owganystanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işlän žurnalistleri howa menzilinde garşylady.

Ministr Ebrard mesele hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Elbetde her bir adamyň durmuşy ahmiýetli, emma şu gün Meksika gelen bu toparyň metbugat azatlygy we aragatnaşyk saklamak taýdan diýseň möhümdigini nygtamak isleýärin” diýdi.

Owgan žurnalistleri maşgalalary bilen birlikde myhman alan Meksika, žurnalistleriň özlerinden wagtlaýyn başpenalyk sorandygyny mälim etdi.

Meksika 25-nji awgustda hem Owganystandan çykarlan halkara baýraga eýe bolan 5 owgan zenany ýurduna kabul edendigini habar beripdi.



Degişli Habarlar