Kabulda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Boýun Aldy

Düýn Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan hüjümde pida bolanlaryň sany 90 adama ýetdi

1698281
Kabulda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Boýun Aldy

Hüjümleriň ikisi Hamid Kerzeý howa menziliniň golaýynda, biri bolsa Tiz kömek keselhanasynyň golaýynda guralpdy.

“BBC” hüjümlerde 13 sanysy Amerikan esgeri, jemi 90 adamyň ölendigi, 150 adamyň ýaralanandyny habar berdi.

Hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ boýun aldy.

Şäherde günüň dowamynda, soňkusy Amerikan güýçleri tarapyndan gözegçilikli ýagdaýda guralan 6 partlama boldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Owganystandaky resmileriň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşmagynda geçirilen maslahatdan soň beren beýanatynda; “Bu hüjümi DAIŞ-iň Horosan toparynyň gurandygyny bilýäris. Hüjümi guranlara şuny aýdasym gelýär: Ýatdan çykarmarys, bagyşlamarys, jerimesini tölederis…” diýdi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi general Kennet MkKenzi bolsa DAEŞ-iň hüjümleriniň dowam etmegine garaşýandyklaryny beýan etdi.



Degişli Habarlar