Taliban: "Penjşir meselesi çaknyşyksyz çözüler"

Kabulyň demirgazygyndaky Penjşir welaýaty ýurtda Talibanyň gözegçiliginde bolmaýan ýeke-täk welaýat.

1696781
Taliban: "Penjşir meselesi çaknyşyksyz çözüler"

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabibullah Müjahid, ozalky hökümet güýçleriniň we ýerli harby toparlaryň gözegçiliginde bolan Penjşirde çaknyşyk ähtimallygynyň azdygyny we meseläniň ýakyn wagtda çözüljekdigini mälim etdi. 

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabibullah Müjahid, paýtagt Kabul şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Penjşirdäki adamlaryň howpsuzlyk astyndadygyny aýdan Müjahid: "Tagallalarymyz dowam edýär. Penjşir welaýatynda çaknyşgyň bolmazlyk ähtimallygy 80 göterim. Bu meseläniň gysga wagtda çözüljekdigine ynanýarys" diýip belledi. 

Müjahid, Penjşiri gözegçilik edýän toparlar tarapyndan sebite alynyp gidilen ähli harby enjamlaryň özlerine berilmegini isledi. 

Talibanyň gapy-gapy gezip ýurdyň ozalky hökümetiniň düzüminde işlän adamlary gözleýändigi baradaky öňe sürmeleriň hem üstünde durup geçen Müjahid: "Ýurdyň hiç bir ýerinde hiç kim yzarlanmaýar. Umumy günä geçişlik yglan edendigimiz üçin ozaldan galan sanawymyz ýok we geçmişdäki ähli zady ýatdan çykardyk" diýip habar berdi. 

Goşunyň we Polisiýa gullugynyň Taliban güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdan Müjahid, Kabuldaky ilçihanalara howpsuzlyk astyndadyklary baradaky ýüzlenmelerini syýasy ofisleriniň üsti bilen ýetirendiklerini mälim etdi. 

Müjahid, Türkiýäniň Kabul Hamid Karzaý halkara howa menzilini dolandyrmagy we ýurtda harby güýç saklamagy bilen bagly: "Türkiýe musulman bir ýurtdyr. Bu ýurdyň hökümeti we halky bilen gowy gatnaşyklar ýola goýmak isleýäris, emma Kabul howa menzilindäki mesele çözüleninden soň daşary ýurtly harby güýçlere mätäçligimiz bolmaz" diýip beýan etdi. 

Talibanyň lideri Molla Hibetullah Ahundzadeniň nirededigi baradaky soraga Müjahid: "Ýakyn wagtda ony görersiňiz" diýip jogap berdi. 

Müjahid ýurtdaky saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň hem işleriniň ýaňadandan başlandygyny aýan etdi. 

Kabulyň demirgazygyndaky Penjşir welaýaty ýurtda Talibanyň gözegçiliginde bolmaýan ýeke-täk welaýat. 



Degişli Habarlar