Merkel BioNTceh Firmasynyň Önümçilik Desgasyna Bardy

Marbugr şäherindäki önümçilik desgasyna baran Merkel ýolbaşçylardan maglumat aldy.

1694133
Merkel BioNTceh Firmasynyň Önümçilik Desgasyna Bardy

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, täze görnüş koronawirusa garşy sanjym öndüren asly türk alymlar Prof. Dok. Ugur Şahin we Dok. Özlem Türeji tarapyndan gurlan BioNTceh firmasynyň önümçilik desgasyna baryp gördi.

Marbugr şäherindäki önümçilik desgasyna baran Merkel ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Türeji we Şahin maşgalasyna sagbolsun aýdan Merkel “Onlarça ýylyň dowamynda geçiren ylmy barlaglaryňyz bilen epidemiýanyň ýaramaz täsirindan halas bolmagyň ýollaryndan biri tapdyk” diýdi.

Marburgdaky desganyň esasy sanjym merkezlerinden biridigini ýatladan Türeji hem, desgada 500 adamyň işleýändigini we üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 1 milliard doza Kovid-19 sanjymyny öndürjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar