Emmanuel Makron Jo Baýden bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1694373
Emmanuel Makron Jo Baýden bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Ýeliseý köşgünden berilen beýanatda, Makron-Baýden telefon söhbetdeşliginde, Talibanyň Owganystanyň gözegçiligini ele almagyndan soňky ýagdaý ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Beýanatda Makronyň fransuz raýatlary, ABŞ we hyzmatdaşlary üçin işlän owgan zenanlaryň, erkekleriň we howp astyndaky owgan raýatlaryň Owganystandan çykarylmagy üçin hyzmatdaşlaryň arasynda tiz we anyk ädimleriniň edilmeginiň gerekdigi bellenilip geçildi. 

"Prezidentimiz kärdeşine gymmatlyklarymyzy paýlaşýan we goraga mätäç bolan owganlar bilen bagly jogapkärçiligimizi we olary terk etmejekdigimizi belläp geçdi" diýip bellenen beýanatda, telefon söhbetdeşliginde iki lideriň esasan hem G7-niň çäginde ynsanperwer, syýasy we terrora garşy göreş meselelerindäki bilelikdäki hereketleri güýçlendirmek barasynda ylalaşandyklary habar berildi. 



Degişli Habarlar