Şefik Dzaferowiç: "Türkiýe hiç bir ýurda döretmedik ýeňilligini bize döretdi" diýdi

Şefik Dzaferowiç, Türkiýe-Bosniýa-Gersegowina gatnaşyklary barada beýanat berdi

1688663
Şefik Dzaferowiç: "Türkiýe hiç bir ýurda döretmedik ýeňilligini bize döretdi" diýdi

Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium geňeşiniň bosniýaly agzasy Şefik Dzaferowiç: "Türkiýe hiç bir ýurda döretmedik ýeňilligini bize döretdi. Ony netijeli ulanmalydyrys. Maksadymyz Türkiýe bilen daşary söwda kuwwadyny 1 milliard dollara ýetirmek. Bu mümkin bolmadyk bir maksat däl" diýip belledi. 

Şefik Dzaferowiç, Türkiýe-Bosniýa-Gersegowina gatnaşyklary barada beýanat berdi. 

Türkiýe bilen täzelenen erkin söwda ylalaşygy bilen Bosniýa-Gersegowinanyň uly artykmaçlyk gazanandygyny aýdan Şefik Dzaferowiç, häzirki söwda kuwwadynyň hem 700 bilen 750 million dollar derejesindedigini ýatladyp: "Türkiýe bilen ykdysady gatnaşyklarymyz giň-gerimli dowam etdiriler. Onda täzelenen erkin söwda ylalaşygynyň paýy uly" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar