Alžirdäki Tokaý Ýangynlarynda 65 Adam Pida Boldy

Alžirdäki tokaý ýangynlarynda 28 sanysy esger, 37 sanysy asuda ilatdan 65 adamyň pida bolandygy habar berildi

1689515
Alžirdäki Tokaý Ýangynlarynda 65 Adam Pida Boldy

Alžirin döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä ýangynda agyr ýitgi çeken welaýatlaryň arasynda paýtagt Alžirin 100 kilometr gündogarynda ýerleşýän Tizi Wezu welaýaty hem bar.

Alžirin resmi habarlar gullugy “APS-niň” habar bermegine gröä bolsa 18 welaýatda 71 ýerde tokaý ýangynlarynyň bolandygy anyklandy.

Habarda beýan edilmegine görä Tizi Wizuda 22, demirgazykdaky kenarýaka zolagyndaky Bajaýa we Tarif welaýatlarynda 13, Jijel welaýatynda-da 11 ýerde ýangyna garşy göreş dowam edýär.

Ýurdun esasan Amazig ilatynyň köplükde ýaşaýan daglyk etraplaryndaky tokaý ýangynlaryna garşy göreşmekde kynçylyk çekilýär.

Alžiriň harby goşunlary hem ýangyna garşy göreşýär.



Degişli Habarlar