Putin Ýakutiýada Dowam Edýän Ýangynlar Boýunça Görkezme Berdi

Russiýada 196 ýerde tokaý ýangynlary dowam edýär

1688721
Putin Ýakutiýada Dowam Edýän Ýangynlar Boýunça Görkezme Berdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ýakutiýada dowam edýän tokaý ýangynlaryna garşy göreşýänleriň we enjamlarynyň sanynyň artdyrylmagy boýunça görkezme berdi.

Kremlden berilen ýazmaça beýannamada Putiniň Ýakutiýada ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýokaý ýangynlary sebäpli Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Ýewgeniý Ziniçewe beren görkezmesi hakynda beren görkezmesi hakynda maglumat berildi.

Beýannamada; “Putin Ýakutiýadaky tokaý ýangynlaryna garşy göreşiň hasam güýçlendirşlmegi üçin Ziniçewe görkezme berdi” diýilýär.

Russiýanyň Federal Tokaý Gullugyndan berilen berilen beýannamada; “10-nji awgustda 196 ýerde jemi 1 million 572 müň gekdar meýdanda tokaý ýangynlary dowam edýär. ýangynlaryn 111 sanysy Ýakutiýada, 27-si bolsa İrkutskda” diýilýär.



Degişli Habarlar