Putin Egindeşleri Bilen Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygy we Owganystan Hakynda Pikir Alyşdy

Wladimir Putin, Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi

1681845
Putin Egindeşleri Bilen Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygy we Owganystan Hakynda Pikir Alyşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki dartgynlyk we Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, metbugata beren beýannamasynda, Putiniň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen maslahat geçirendigini habar berdi.

Putiniň maslahatda Russiýanyň sosial we ykdysady meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny nygtan Peskow “Maslahatda şeýle hem Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar we Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki dartgynlyk ýaly halkara meseleler seljerildi” diýdi.



Degişli Habarlar