Asada Tabynlykdaky Güýçler Bab Etrabyna Hüjüm Gurady

Hüjümde Siriýanyň Milli goşunyndan 2 esger ýogaldy, 5 esger ýaralandy.

1677659
Asada Tabynlykdaky Güýçler Bab Etrabyna Hüjüm Gurady

Asada tabynlykdaky güýçleriň Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab etrabyna guran hüjüminde 2 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçler, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan 2017-nji ýylyň fewral aýynda “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terror guramasy DAIŞ-den saplanan Bab etrabynyň günortasyndaky Abu Zindin gümrük geçelgesiniň golaýyna ornaşan Siriýanyň Milli goşunyny nyşana aldy.

Hüjümde Siriýanyň Milli goşunyndan 2 esger ýogaldy, 5 esger ýaralandy.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.



Degişli Habarlar