Hindistanda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 38 adam ýogaldy

Hindistanyň Polisiýa edarasynyň resmileri ýurdyň Rajastan we Uttar Pradeş ştatlarynda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 38 adamyň ýogalandygyny habar berdiler

1673914
Hindistanda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 38 adam ýogaldy

Polisiýa edarasynyň işgäri Anand Sriwastawa Rajastan ştatyndaky Amber galasynyň golaýynda 11 adamyň surata düşýän mahallary ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ýogalandygyny aýan etdi. 

Anand Sriwastawa, ştatda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ýene-de 9 adamyň ýogalandygyny, 20 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Muson ýagyşlarynyň ýagan we ýyldyrymyň çakan ýurdyň Uttar Pradeş ştatynda bolsa 18 adam ýogaldy. 

Ştatyň resmileri ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we ýaralanan adamlara öwezleriniň dolunjakdygyny beýan etdiler. 

Hindistanyň Meteorologiýa dullugy 13-14-nji iýul aralygynda ýene-de ýyldyrymyň çakjakdygy barada duýduryş berdi. 

Hindistanda her ýyl takmynan 2 müň adam ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ýogalýar. 



Degişli Habarlar