Russiýada ýolagçylar uçaryň gyssagly gapysyny açdylar

Howasyz galan ýolagçylar, birnäçe wagt soň uçaryň gyssagly gapysyny açdylar

1673691
Russiýada ýolagçylar uçaryň gyssagly gapysyny açdylar

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinden Türkiýäniň Antalýa şäherine gitmek maksady bilen uçmaga taýarlanan uçardaky ýolagçylar, uçaryň sowadyjylaryndaky näsazlyk sebäpli dem almaklarynda kynçylyk çekmäge başlanlaryndan soň uçaryň gyssagly gapysyny açdylar. 

Uçmaga taýarlanan Rossiýa Airlines kärhanasyna degişli uçardaky ýolagçylar, birnäçe wagt soň dem almakda kynçylyk çekmäge başladylar. 

Howasyz galan ýolagçylar, birnäçe wagt soň uçaryň gyssagly gapysyny açdylar. 

Şol sebäpli uçaryň gyssagly ewakuasiýa düşegi işjeň ýagdaýa geldi. 

Toparlar uçardaky ähli ýolagçylary düşürdiler. 

Rossiýa Airlines kärhanasy ýolagçylaryň başga bir uçara geçirilip, uçar saparynyň 4 sagatlyk gijä galma bilen amala aşyrylandygyny habar berdi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy, howa ýoly kärhanasynyň başdan geçirilen mesele sebäpli ähli ýolagçylaryň öweziniň dolunjakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #ýolagçy , #uçar , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar