Bagdatda Ýaşyl Zolaga Hüjüm Guraldy

Yragyň paýtagty Bagdatda ilçihanalaryň ýerleşýän ýaşyl zolaga 3 raketa atyldy

1671938
Bagdatda Ýaşyl Zolaga Hüjüm Guraldy

Yragyň hökümetiniň Howpsyzlyk media torundan berilen beýannamada gije Ýaşyl zolaga 3 Katýuşa raketasynyň atylandygy habar berildi.

Hüjümiň günäkärleriniň ele salynmagy üçin derňew işiniň dowam edýändigi habar berildi.

Yragyň Anbar we Erbil şäherinde Amerikan esgerleriniň bolýan bazalaryna hem raketa we partlaýyjy madda ýüklenen uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guralypdy.

Hüjümleri Eýrana ýakyn şaýy ýaragly güýçleriň gurandygy çaklanylýar.



Degişli Habarlar