Russiýa Kamçatka ýarymadasynda gaçan uçar heläkçiligi bilen bagly derňew başlatdy

Russiýada ýere gaçan uçarda halas bolan adamyň ýokdygy mälim edildi

1670910
Russiýa Kamçatka ýarymadasynda gaçan uçar heläkçiligi bilen bagly derňew başlatdy

Russiýanyň uzak gündogar sebitindäki Kamçatka ýarymadasynda başdan geçirilen we içinde 28 adam bolan ýolagçy uçar heläkçiliginde halas bolan adamyň bolmandygy mälim edildi

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi, ilkinji kesgitlemelere görä ýere gaçan AN-26 kysymly ýolagçy uçardaky ähli ýolagçylaryň ýogalandygyny habar berdi. 

Tass habarlar agentligi AN-26 kysymly rus uçarynyň gonjak mahaly howa hereketini dolandyryş merkezi bilen aragatnaşygynyň kesilendigini habar beripdi. 

Uçaryň düzüminde 22 ýolagçy bilen ekipaždan 6 adamyň bolandygy, dikuçarlar we uçarlar bilen sebitde gözleg we halas ediş işleriniň başladylandygy aýan edilipdi.  

Tass habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Palana obasynyň 4 km uzagynda uçaryň bölekleri tapyldy. 

Ýiten uçaryň ugrunyň üstünde tapylanlygy üçin uçaryň böleginiň şol ýiten uçara degişlidigi çak edilýär. 

Derňew işi başladylan waka bilen baglanşykly rus merbugatynda berilen habarlara görä, wakanyň ýaramaz howa şertleri ýa-da uçarmanyň ýalňyşlygy sebäpli bolup biljekdigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan Türkiýe uçar heläkçiligi bilen baglanşykly gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Dostlukly Russiýa Federasiýasynyň gam-gussasyny bilelikde paýlaşýarys, bu heläkçilikde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we Russiýa Federasiýasynyň hökümetine gynanç bildirýäris" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar