Nigeriýada Ýene-de Onlarça Okuwçy Zamun Alyndy

Bethel Baptist litseýine giren ýaragly adamlar çem gelen ýere ot açmaga başlady

1670283
Nigeriýada Ýene-de Onlarça Okuwçy Zamun Alyndy

Nigeriýanyň Kaduna welaýatynda ýaragly adamlaryň litseýe guran hüjüminde onlarça okuwçy zamun alyndy.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, ertiriň irki sagatlarynda Bethel Baptist litseýine giren ýaragly adamlar çem gelen ýere ot açmaga başlady.

Beýannamada hüjümde onlarça okuwçynyň zamun alynandygy, 17 okuwçynyň bolsa halas edilendigi bellenildi.

Beýannamada zamun alynan okuwçylaryň sany barada maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar