“Ýakynda Baýraktar Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Kabul Edip Alarys”

Zelenskiý, ýurdunyň döwrebap harby gämisiniň gurluşygyna Türkiýede başlanandygyny aýtdy.

1669707
“Ýakynda Baýraktar Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Kabul Edip Alarys”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurdunyň döwrebap harby gämisiniň gurluşygyna Türkiýede başlanandygyny aýtdy.

Zelenskiý, Odesa şäherinde Ukrainanyň Deňiz güýçlerinin döredilen güni mynasibetli geçirlen dabarada eden çykyşynda “Türk dostlarymyz Ukrainanyň deňiz flodynyň ösmegine uly goldaw berýär. İlkinji döwrebap harby gämimiziň gurluşygyna Türkiýede başlandy we gämi 2023-nji ýylyň ahyrynda Ukrainada gurlup gutarlar” diýdi.

Ukrainanyň ýakynda Baýraktar uçarmansyz howa ulaglaryny kabul edip aljakdygyny nygtan Zelenskiý “Deňiz güýçlerimiz güýçlendirilýär. Ýakynda döwrebap we täsirli Baýraktar uçarmansyz howa ulaglaryny kabul edip alarys” diýdi.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda, Ukrainanyn deňiz flody üçin harby gämiler we uçarmansyz howa ulaglary bilen arabaglanşykly şertnama baglaşylypdy.



Degişli Habarlar