Astana Gepleşikleri Başlaýar

Siriýa temaly 16-njy Astana gepleşikleri, iýul aýynyň 7-8-i aralygynda Gazagystanyň paýtagty Nur Sultanda geçirler.

1664400
Astana Gepleşikleri Başlaýar

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşürlen Siriýa temaly 16-njy Astana gepleşikleri, iýul aýynyň 7-8-i aralygynda Gazagystanyň paýtagty Nur Sultanda geçirler.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, gepleşiklere hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň wekiliýetleri bilen birlikde Siriýanyň hökümetiniň we harby oppozisionerleriň wekilleri gatnaşar.

Gepleşiklere şeýle hem BMG-nyň ýörite wekiliýeti bilen Iordaniýa, Liwan we Yrak synçy hökmünde gatnaşar.

Gepleşiklerde, Siriýa ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi, Ženewadaky Siriýa konstitutsiýa komitetiniň ýaňadandan öz işine başlamagy, tussaglylaryň çalşygy, zamun alynanlaryň boşadylmagy we ýitenleriň gözlenmegi ýaly ynamy artdyryjy çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar