ÝB Russiýa Goşmaça Sanksiýalary we Çäklendirmeleri Seljerer

ÝB-ne aza ýurtlaryň liderleri Russiýa garşy ykdysady sanksiýalary öz içine alýan goşmaça çäklendiriji çäreleri seljermek hakynda karar kabul etdi.

1664538
ÝB Russiýa Goşmaça Sanksiýalary we Çäklendirmeleri Seljerer

ÝB-niň Liderler Sammitiniň birinji günündäki maslahatlaryndan soň jarnamanyň Russiýa bilen bagly bölümi çap edildi.

ÝB Geňeşi Russiýanyň hökümetiniň oňyn pozisiýa eýelemegine, aýratynam ÝB ve ÝB-ne agza ýurtlar bilen üçünji ýurtlara garşy hereketlerini bes etmegine garaşylýandygyny mälim etdi. Jarnamada ÝB-niň pozisiýasynyň özgermegi üçin Russiýa Minsk ylalaşygynyň kadalaryny berjaý etmäge çagyrylýar.

Russiýanyň “zyýanly, bikanun ve agressiv” pozisiýasyna garşy ÝB-ne agza ýurtlaryň egilşiksiz we utgaşykly gaýtawul görkezmeginiň möhümdigine üns çekilýän jarnamada, ÝB-niň hyzmatdaşlary bilen utgaşykly häsýetde elindäki ähli mümkinçiliklerden peýdalanmalydygy nygtalýar.

Jarnamada: “Şol maksada laýyklykda ÝB Geňeşi, ÝB Komissiýasy we ÝB-niň Daşary gatnaşyklar hem-de Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekiliniň ykdysady sanksiýalary hem öz içine alýan goşmaça çäklendiriji çäreleri hödürlemäge çagyrýar” diýilýär.



Degişli Habarlar