Amerikan wekiliýeti Kabul howa menzili bilen bagly meseläni maslahatlaşmak üçin Türkiýä geler

Prezident Erdogan NATO-da geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň sebitde galyp biljekdigi bilen bagly niýetini kärdeşlerine ýetirendigini aýan edipdi

1663715
Amerikan wekiliýeti Kabul howa menzili bilen bagly meseläni maslahatlaşmak üçin Türkiýä geler

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň resmilerinden ybarat wekiliýet, Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Hamid Karzai howa menziliniň howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýä sapar gurar.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary maýor Rob Lodewik: "Bu hepde ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň resmilerinden ybarat wekiliýet, Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Hamid Karzai howa menziliniň howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýä sapar gurar" diýip habar berdi.

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň Ýaragly güýçler komitedinde 2022-nji ýylyň goranyş býujeti bilen baglanşykly geçirilen maslahatda beýanat beren ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Mark Milli bolsa, entek hiç hili ýazmaça ylalaşygyň baglaşylmandygyny, emma gepleşiklerde öňe gidişlikleriň edilendigini mälim etdi. 

Mark Milli: "Bu hepde Türkiýe bilen maslahatymyz bar. Meniň pikirimçe ylalaşygyň soňky bölegi galdy. Türkiýäniň adyndan beýanat bermek islemeýärin we gutarnykly ylalaşygyň netijesini öňünden aýtmak islemeýärin, emma Kabul howa menziliniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn" diýip habar berdi.

Türkiýe NATO-nyň tutanýerli goldaw missiýasynyň çäginde Owganystandaky Kabul Hamid Karzai howa menziliniň dolanşygyny eýýäm 6 ýyl bäri amala aşyrýar. 

ABŞ Owganystandan çekilýän mahaly ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan geçen hepde Belgiýada geçirilen NATO maslahatynyň çäginde amala aşyran duşuşyklarynda Kabul howa menziliniň howpsuzlygy güntertibe gelipdi.

Prezident Erdogan NATO-da geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň sebitde galyp biljekdigi bilen bagly niýetini kärdeşlerine ýetirendigini aýan edipdi. 



Degişli Habarlar