ÝB Russiýa garşy kabul edilen sanksiýa kararynyň möhledini uzatdy

Ýewropa Bileleşigi Krymyň we Sewastopolyň bikanun ýagdaýda anneksiýa edilmegi sebäpli Russiýa garşy ozal kabul edilen sanksiýa kararynyň ýene-de 1 ýyl uzadylmagy barada karar kabul etdi

1662040
ÝB Russiýa garşy kabul edilen sanksiýa kararynyň möhledini uzatdy

ÝB Geňeşi, Russiýanyň Krymy we Sewastopoly bikanun ýagdaýda anneksiýa etmegi sebäpli ÝB tarapyndan ozalky kabul edilen sanksiýa kararlarynyň 2022-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli uzadylandygyny habar berdi. 

Karara laýyklykda, möhledi uzadylan sanksiýalar bilen ÝB raýatlarynyň we kärhanalarynyň Krym we Sewastopol sebitlerindäki işleri çäklendirilýär. 

Krymdan we Sewastopoldan ÝB-ne agza ýurtlara haryt importyna rugsat berilmeýär. 

ÝB-niň raýatlary we kärhanalary, Kryma we Sewastopola maýa goýup bilmeýär we maliýe taýdan hyzmat berip bilmeýär. 

Ady agzalan sebitlere aragatnaşyk, telekommunikasiýa we energetika pudaklarynda ulanyljak käbir harytlar we tehnologiýalar eksport edilip bilinmeýär. 

Esasan hem nebit, tebigy gaz we magdan känleriniň gözlegi, çykarylmagy we önümçiligini etmek bilen bagly tehnologiýalaryň üpjün edilmegine we tehniki taýdan goldaw berilmegine rugsat berilmeýär. 

Russiýa 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym Awtonom Respublikasyny we Sewastopoly bikanun ýagdaýda anneksiýa edipdi. Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmeginden we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilen wakalardan soň, ÝB, ABŞ we beýleki käbir döwletler Russiýa garşy sanksiýa girizipdi. 



Degişli Habarlar