Owganystanyň Balh welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Owganystanyň Balh welaýatynyň Döwletabad etrabynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 4 adam ýogaldy

1660059
Owganystanyň Balh welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Döwletabad etrabynyň häkimi Jelalettin Karizade, etrabyň merkezindäki Içeri işler edarasynyň binasynyň golaýynda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guralandygyny habar berdi. 

Hüjümde asuda ilatda 3 adamyň we howpsuzlyk güýçlerinden 1 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň bolsa ýaralandygyny aýdan Karizade, hüjümiň täsiri bilen golaýdaky öýlere we döwlet binalaryna zyýan ýetendigini mälim etdi. 

Karizade hüjümiň jogapkäriniň Talibandygyny beýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini bolsa entek öz üstüne alan tarap ýok. 

Owganystanda geçen aýyň başyndan bäri daşary ýurtly harby güýçleriň çekilmäge başlamagyndan soň hüjümler artdy. 

Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşi, geçen hepde Talibanyň maý aýynda 1455 aýry hüjüm gurandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Balh , #hüjüm , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar