Belgiýada 400 Migrant Açlyk Yglan Etdi

400 migrant, ýurda bikanun ýollardan girmändiklerini, wizalarynyň bardygyna garamazdan ýaşaýyş rugsadyny alyp bilmändiklerini aýdýar.

1658816
Belgiýada 400 Migrant Açlyk Yglan Etdi

 

Belgiýada 10 ýyldan bäri ýaşaýyş rugsadyny alyp bilmedik, ýokary okuw jaýlarynyň naharhanalarynda we buthanalarynda ýaşaýan 400 migrant açlyk yglan etdi.

19 günden bäri açlyk yglan eden marokkoly, owganystanly we pakistanly 400 migrant, ýurda bikanun ýollardan girmändiklerini, wizalarynyň bardygyna garamazdan ýaşaýyş rugsadyny alyp bilmändiklerini aýdýar.

“Şäherde syçanlar ýaly ýaşaýarys” diýýän migrantlar, ýaşamak we işlemek rugsatlarynyň ýokdygy sebäpli çagalarynyň bilim almakdan mahrumdygyny we ýeterlik derejede iýmitlenmeýändiklerini nygtaýar.

Ýaşaýyş rugsadynyň berilmegini isleýän migrantlar ýüz tutmalarynyň barlanmagy üçin garaşsyz komitetiň döredilmegini isleýär.


Etiketkalar: #Belgiýa , #rugsat , #migrant

Degişli Habarlar