Makron Erdogan bilen geçiren duşuşygy barada beýanat berdi

Makron, Erdogan bilen geçiren duşuşyklarynda NATO-nyň gymmatlyklaryny ele alandyklaryny we ony giňişleýin maslahatlaşandyklaryny mälim etdi

1658097
Makron Erdogan bilen geçiren duşuşygy barada beýanat berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, NATO maslahatynyň çäginde düýn Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren duşuşygynyň konstruktiw bir häsýetde geçendigini mälim etdi. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen NATO-nyň Liderler maslahatyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Maslahatda NATO-nyň ileri tutýanlary we missiýasy bilen bagly ugurlaryny maslahatlaşandyklaryny aýdan Makron, maslahatyň çäginde Erdogan bilen ikiçäk duşuşyk geçirendiklerini ýatlatdy. 

Makron, Erdogan bilen geçiren duşuşyklarynda NATO-nyň gymmatlyklaryny ele alandyklaryny we ony giňişleýin maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Makron: "Erdogan bilen Liwiýa meselesini ele aldyk. Bu babatda ylalaşygy dowam etdirmek, 24-nji dekabrda saýlawlaryň geçirilmegi we hökümede bu ugurda goldaw bermek, daşary ýurtly söweşijileriň we hakyna tutma esgerleriň yzyna çekilmegi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşdyk" diýip habar berdi. 

Makron bu ugurlar boýunça Erdogan bilen öňümizdäki hepdelerde işleşmek isleýändiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar