Türkiýe we ABŞ Owganystan Meselesinde Gönüden Geňeşmeleri Dowam Etdirýär

Bu barasynda NATO-nyn baş Sekretary Ýens Stoltenberg sammitden ozal beren beýannamasynda mälim etdi

1657464
Türkiýe we ABŞ Owganystan Meselesinde Gönüden Geňeşmeleri Dowam Etdirýär

NATO-nyn baş Sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýe we ABŞ ýaly NATO-nyň käbir ýaranlarynyň Owganystanda ýerleşýän howa menzili hem-de beýleki strategik binalaryň goralmagy üçin gönüden geňeşmeler geçirýändigini aýtdy.

Stoltenberg Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO-nyn sammiti hakynda ştab kwartira gelişin beýannama berdi.

“Şu gün transatlantik gatnaşyklarymyzda täze bölüm açarys” diýen Stoltenberg, NATO-nyň Sammitinde liderleriň emçeme meseläni seljerjekdigini, şolaryň hatarynda Russiýanyň we Hytaýyň hem bardygyny aýtdy.

Stoltenberg “Russiýa bilen gatnaşyklarymyz Sowuk uruşdan bäri iň pes derejede. Onuň sebäbi Russiýanyň agressiw aksiýalary. Men liderleriň Russiýa boýunça “dialog bilen birleşen güýçli goranyş” görnüşli ikitaraply çemeleşmämizi tassyklamaklaryny tama edýärin” diýdi.

Hytaý bilen howa çalşygy we ýaraglara gözegçilik boýunça işleşmegiň möhümdigini beýan eden Stoltenberg; “Emma Hytaýyň harby güýçlenmesi, güýçlenýän pozisiýasy we oňaýsyz çemeleşmeleri hem howpsuzlygymyz taýdan käbir synaglary ýüze çykarýar. Bu ugurlar bilen NATO-nyň ýaranlary bilelikde gyzyklanmaly” diýdi.

Stoltenberg NATO-nyň Owganystandaky missiýasyny tamamlamak hakyndaky karary bilen bagly soraga jogap hökmünde, owganlary goldamga dowam etjekdiklerini, owgan howpsuzlyk güýçkerine maliýe kömeginiň dowam etjekdigini aýtdy.

Howa menzilleri bilen birlikde möhüm infrastrukturalaryň goralmagynyň üstünde işleşýändiklerini beýan eden Stoltenberg: “Kabulda halkara howa menziliniň goralmagy boýunça ABŞ we Türkiýe ýaly käbir NATO ýurtlary gönüden aragatnaşyk saklaýar. Ol hem NATO-nyň ýaranlary hem-de ähli halkara jemgyýetçiligi üçin diplomatik durnuklylyk we kömekleriň dowam etmegi taýdan möhüm” diýdi.

 



Degişli Habarlar