ABŞ-nyň mediasy: "Baýden ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryna ünsli çemeleşmeli" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda geçiriljek duşuşyga sanalgyja gün galanda, ABŞ-nyň mediasy Jo Baýdene duýduryş berdi

1655394
ABŞ-nyň mediasy: "Baýden ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryna ünsli çemeleşmeli" diýdi

"National Interest" žurnalynyň internet saýtynda çap edilen makalada: "Baýden ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryna ünsli çemeleşmeli" diýip beýan edildi. 

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 14-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiriljek NATO maslahatynda özara duşuşyk geçirerler. 

Duşuşyga birnäçe gün galan mahaly, merkezi Waşingtonda ýerleşýän "National Interest" žurnalynyň internet saýtynda çap edilen makaly ünsleri özüne çekdi. 

"Türkiýe bilen köptaraplaýyn diplomatik strategiýany ösdürmegiň 7 ýoly" atly makalada, duşuşygyň soňky wagtlarda zyýan ýeten gatnaşyklary düzeltmek taýdan bir mümkinçilikdigi bellendi we "Baýden ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryna ünsli çemeleşmeli" diýip beýan edildi. 

PKK/ÝPG terror guramasynyň hem üstünde durulyp geçilen makalada: "ABŞ, NATO-da hyzmatdaşy bolan Türkiýe ÝPG terror guramasy babatyndaky aladalaryna açyk ýagdaýda jogap bermeli" diýip habar berildi. 

Jo Baýdeniň bu meselede etjek anyk göçüminiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary möhüm derejede berkitjekdigine ünsler çekildi. 

Makalada S-400 howa goranyş ulgamlary meselesiniň çözülmeginiň gerekdigi aýan edildi. 

ABŞ-nyň Türkiýä alternatiwa hökmünde Patriot raketalaryny hödürlemeginiň we Türkiýäni F-35 harby uçar programmasyna goşmagynyň peýda getirjekdigi beýan edildi. 

Gündogar Ortaýer deňizi meselesiniň hem üstünde durulyp geçilen makalada, ABŞ-nyň hyzmatdaşlyk içinde tehniki çözgüde höweslendirmeginiň gerekdigi habar berildi. 

Makalda mundan başgada Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň FETÖ terror guramasyny şikaýat eden türk raýatlarynyň, Amerikan kazyýetlerinde kazyýet işini gozgap bilmekleriniň öňüni açmagynyň gerekdigi bellendi. 


Etiketkalar: #Jo Baýden , #ABŞ , #media , #makala

Degişli Habarlar