Siriýada Çaknyşyksyz Zolakda Guralan Hüjümde Asuda Ilatdan 6 Adam Ýogaldy

Asada tabynlykdaky güýçler Iblin obasyna gury ýerden we howadan hüjüm gurady.

1655330
Siriýada Çaknyşyksyz Zolakda Guralan Hüjümde Asuda Ilatdan 6 Adam Ýogaldy

Siriýada, Asada tabynlykdaky güýçler we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň Idlibde çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän Iblin obasyna guran hüjüminde asuda ilatdan 6 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçler Idlibiň günortasynda ýerleşýän Iblin obasyna gury ýerden we howadan hüjüm gurady.

Hüjümde 1-i zenan 6 adam ýogaldy.

Ýaralanan 13 adam hem golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Ýaralananlardan 3-niň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi.

Beýleki tarapdan oppozisionerler Russiýa degişli harby uçarlaryň ertiriň irki sagatlarynda Idlibiň günortasynda ýerleşýän Mozara, Belýun, Fattira we Keferaawid obalaryna hüjüm gurandygyny habar berdi.

2020-njy ýylyň 5-nji martynda Russiýanyň paýtagty Moskwada, Türkiýe bilen Russiýa hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.



Degişli Habarlar