Russiýa Demirgazyk Makedoniýaly bir diplomaty islenmeýän adam yglan etdi

Russiýa Demirgazyk Makedoniýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän 1 diplomaty islenmeýän adam yglan etdi

1655474
Russiýa Demirgazyk Makedoniýaly bir diplomaty islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Demirgazyk Makedoniýanyň geçen aý 1 rus diplomady islenmeýän adam yglan edendigi ýatladyldy.  

Demirgazyk Makdeniýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Oliwera Çauşewska-Dimowskanyň Daşary işler ministrligine çagyrylandygy bellenen beýanatda: "Ilçä Demirgazyk Makedoniýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän 1 diplomatyň islenmeýän adam yglan edilendigi barada nota berildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda ady agzalan herekediň Demirgazyk Makedoniýa tarapynyň rus diplomady ýurtdan çykarmak baradaky esassyz kararyna jogap hökmünde alynandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar