Kabulda Guralan Bombaly Hüjümlerde 10 Adam Ýogaldy
Hüjümleriň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Owganystanyň paýtagty Kabulda yzly yzyna guralan bombaly hüjümlerde 10 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy.
Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hamid Ruşan, Kabulyň Sary Kariz we Golai Dawahane etrapçalarynda yzly yzyna bombaly hüjümleriň guralandygyny aýtdy.
Hüjümlerde asuda ilatdan 10 adamyň ýogalandygyny aýdan Ruşan, 12 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.
Ruşan, hüjümlerde asuda ilatyň nyşana alynandygyny we munyň adamzat jenaýatydygyny ýatlatdy.
Hüjümleriň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.