Belarussiýanyň Prezidenti Ryanair kärhanasyna degişli uçaryň gondurylmagy bilen bagly beýanat berdi

Lukaşenko ýakyn wagtda göz tussaglygyna alynanlaryň beýanatlarynyň hem aýan ediljekdigini habar berdi

1646207
Belarussiýanyň Prezidenti Ryanair kärhanasyna degişli uçaryň gondurylmagy bilen bagly beýanat berdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ryanair howa ýollary kärhanasyna degişli ýolagçy uçaryň adatdan daşary ýagdaýda gondurylmagy bilen netijelenen bomba bardygy baradaky maglumatyň Şweýsariýadan gelendigini mälim etdi. 

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, ýurdyň parlamentinde eden çykyşynda, 23-nji maýda Gresiýadan Litwa sapar guraýan Ryanair howa ýollary kärhanasyna degişli ýolagçy uçaryň Belarussiýanyň paýtagty Minsk şäherine gyssagly ýagdaýda gondurylmagy bilen baglanşykly tankydy belliklere reaksiýa bildirdi. 

Afiny-Wilnýus uçar saparyny amala aşyrýarka Belarussiýanyň howa giňişliginde, içinde bombanyň bardygy barada maglumat alynan uçar bilen baglanşykly Lukaşenko, Belarussiýada ýygy-ýygydan mekdeplerde, uniwersitetlerde, edaradyr-kärhanalarda, uçarlarda IP salgysy Polşa, Latwiýa, Litwa ýaly ýurtlara degişli bolan esassyz bomba maglumatlyny alýandyklaryny we her bir maglumata çynlakaý çemeleşilýändigini aýan etdi. 

Lukaşenko Ryanair howa ýollary kärhanasyna degişli ýolagçy uçarda bombanyň bardygy baradaky maglumatyň daşary ýurtdan gelendigini belläp: "Bombanyň bardygy barada maglumat Şweýsariýadan geldi. Maglumat şol bir wagtyň özünde Afina, Wilnýusa we Minske geldi. Belarussiýa tarapy iň gysga wagtda halkara kada kanuna laýyklykda uçaryň ekipažyna maglumaty ýetirdi. Sebäbi şol wagt uçar Belarussiýanyň serhetleriniň çägine giripdi we biziň howa giňişligimizdedi" diýip belledi. 

Uçardaky 123 ýolagçynyň we 6 adamlyk ekipažyň howp astynda bolandygyny aýdan Lukaşenko: "Uçarmanlaryň karar kabul etmäge wagtlary bardy. Uçar Belarussiýanyň ýadro desgasynyň golaýyndan yzyna öwrüldi. Eger şol bolmadyk bolsa, onda näme bolardy? Çernobyl pajygasy biziň üçin azmy? Gynandyryjy tejribä eýe bolan Amerika olar ýaly ýagdaýa nähili reaksiýa bererdi?" diýip nygtady. 

Lukaşenko: "Raýatlarymy goramak we ýurdumyň howpsuzlygyny pikir etmäge mejburdyryn. Eger terrorçylar uçary partlatmak isleselerdi, ana şol wagt kömek edip bilmezdik. Halkymy goramak üçin kanunalaýyklykda hereket etdim we mundan soň hem şolar ýaly etmäge dowam ederin" diýip belledi.

Lukaşenko ýakyn wagtda göz tussaglygyna alynanlaryň beýanatlarynyň aýan ediljekdigini habar berdi. 

Belarussiýanyň Prezidenti Lukaşenko: "Biziň daşary ýurtlardaky we ýurdyň öz içindäki bäsdeşlerimiz döwletimize garşy hüjüm usullaryny üýtgetdiler. Adamkärçilik düşünjelerini we ahlak çägini geçýän köp sanda hereket etdiler" diýip mälim etdi. 

Günbataryň ýurdunda agdarlyşyk etmek isländigini ýatladan Lukaşenko, ýurdunyň güýçli we garaşsyz bolanlygy üçin Günbataryň onuň hötdesinden gelip bilmejekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar