Entoni Blinken Ysraýyla bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken soň bolsa Müsür we Iordaniýa sapar gurar

1645265
Entoni Blinken Ysraýyla bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda Gaza boýunça gazanylan ylalaşygy goldamak maksady bilen amala aşyrýan Ýakyn Gündogar saparynyň çäginde Ysraýyla bardy. 

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda 21-nji martda gazanylan ylalaşygy goldamak we Gaza ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi ýaly meseleleriň gün tertipde boljak saparynyň çäginde Entoni Blinken Ysraýyl, Palestina, Müsür we Iordaniýa ýaly ýurtlarda saparda bolar. 

Entoni Blinkeniň şu gün Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu we Daşary işler ministri Aşkenazi bilen duşuşyk geçireninden soň Ramallah şäherine geçip, ol ýerde Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmud Abbas we Premýer ministr Muhammed Yştiyye bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken soň bolsa Müsür we Iordaniýa sapar gurar. 

Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde Aksa metjidinde Oraza aýynda ybadat edýän adamlara hüjüm guramagyndan we Şeýh Jerrah etrapçasynyň ýaşaýjylaryny öz öýlerinden zor bilen çykarmaga synanşymagyndan soň datygynlyk artypdy. 

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza 10-njy maýda başladan hüjümlerini, Hamas bilen gazanylan ylalaşygyň çäginde 21-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 02:00-da bes edipdi. 

 



Degişli Habarlar