Sirkdäki Ýolbars Tälimçä Topuldy

Russiýada sirkde guralan çykyşda ýolbars tälimçä topuldy

1644517
Sirkdäki Ýolbars Tälimçä Topuldy

Russiýanyň Nowosibirsk şäherindäki sirk görkezlişinde tälimçi elindäki taýajyk bilen iki ýolbarsy gönükdirýärkä, duýdansyz hüjüme sezewar boldy.

Tomaşaçylar gorkuly pursatlary başdan geçirseler hem, tälimçi sowukganlylygyny gorap, ýolbarsy daşlaşdyrmagyň hötdesinden geldi. Emma ýolbars ikinji gezek topuldy.

Tejribeli tälimçi ýolbarsyň ikinji hüjüminden hem halas boldy. Ýerinden turup, kapasadan çykdy.

Goly we aýaklary ýaralanan tälimçi hassahanada bejergi alýar. Ýolbars bolsa haýwanat bagyna ugradyldy.


Etiketkalar: #topulmak , #ýolbars , #tälimçi , #sirk

Degişli Habarlar