Ruhani: "Gepleşikleri gutarnykly netije ýetilýänçä çenli dowam etdireris" diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Awstriýanyň paýtagty Wena şäherindäki ýadro gepleşikleri gutarnykly netijä ýetilýänçä çenli dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

1644199
Ruhani: "Gepleşikleri gutarnykly netije ýetilýänçä çenli dowam etdireris" diýdi

Ýurdyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady koordinasiýa merkeziniň maslahatynda söz sözlän Hasan Ruhani, ol ýerde Wenada geçirilýän ýadro gepleşikleriň üstünde durup geçdi. 

Senagat pudagyndaky ösüşleri bilen ABŞ-nyň embargolaryny täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini we resmi Waşingtonyň Wena şäherinde dowam edýän ýadro gepleşikleriň çäginde embargolary aýyrmaga taýardygyny aýdandygyny mälim etdi. 

Hasan Ruhani: "Wenadaky gepleşikleri gutarnykly netije ýetilýänçä çenli dowam etdireris" diýip nygtady. 

Wenada 6-njy aprelde başlan we Giňişleýin umumy hereket meýilnamasy hökmünde atlandyrylan Eýranyň ýadro ylalaşygynyň doly ýagdaýda durmuşa geçirilmegi we ABŞ-nyň embargolaryny aýyryp, ylalaşyga gaýdyp gelmeginiň ele alynýan gepleşikler, degişli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam edýär. 


Etiketkalar: #gepleşikler , #Wena , #Eýran

Degişli Habarlar