Jarablusda Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

PKK/ÝPG, ýygy-ýygydan Bab, Azez, Jarablus we Afrin etraplarynda hem terrorçylykly hüjümler guraýar.

1644786
Jarablusda Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

 

“Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terrordan saplanan Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Jarablus etrabynda bombanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 3 adam ýogaldy.

Bombaly hüjümi terror guramasy PKK/ÝPG-nyň gurandygy öňe sürülýär.

Tel Ryfat we Manbiç etraplarynda basyp alyşlygyny dowam etdirýän PKK/ÝPG, ýygy-ýygydan Bab, Azez, Jarablus we Afrin etraplarynda hem terrorçylykly hüjümler guraýar.



Degişli Habarlar