Jöhit basyp alyjylar şu gün eýýäm ikinji gezek Aksa metjidine güýç ulanyp girdiler

Ysraýylyň polisiýa işgärleriiň ýoldaşlyk etmegindäki fanatik jöhitler, basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidine şu gün eýýäm 2-nji gezek zor bilen girdiler

1644169
Jöhit basyp alyjylar şu gün eýýäm ikinji gezek Aksa metjidine güýç ulanyp girdiler

Iýerusalimiň Yslam gaznalar edarasyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Ysraýylyň polisiýa işgärleri, dartgynlygyň artmaga başlan 4-nji maýdan bäri palestinalylaryň garşylyk görkezmegi sebäpli Aksa metjidine girip bilmeýän jöhitleriň şu gün günortandan soň ýene-de bir gezek Aksa metjidine girmeklerine rugsat berdiler. 

Beýanatda Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň goragy astyndaky 126 jöhit raýatyň Al-Megaribe gapysyndan Aksa metjidine güýç ulanyp girendigi aýan edildi. 

Şu gün irden bolsa 127 jöhit raýat, Aksa metjidine zor bilen giripdi. Şeýlelik bilen irden we günortandan soň jemi 253 jöhit Aksa metjidine girdi.

Fanatik jöhitler basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidiniň ýerleşýän Köne şäher sebitinde dartgynlygyň artan 4-nji maýdan bäri palestinalylaryň garşylyk görkezmegi sebäpli Aksa metjidine girip bilenoklardy. 

Basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidi musulmanlaryň ilkinji kyblasy bolmak aýratynlygyna eýe. 



Degişli Habarlar