Blinken Bilen Abbas Sebitde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Blinken, Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegine we şäheriň ýaňadandan dikeldilmegine goşant goşjakdyklaryny nygtady

1643687
Blinken Bilen Abbas Sebitde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Mahmud Abbas.jpg

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Blinken bilen Abbas sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Blinken bilen Abbas, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi we ylalaşygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken telefon söhbetdeşliginde gabaw astyndaky Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegine we Ysraýylyň hüjümlerinde uly zeper ýetilen şäheriň ýaňadandan dikeldilmegine goşant goşjakdyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar