BSGG Afrika Sanjym Ugratmagyň Depgininiň Gowşandygyny Beýan Etdi

Afrikada käbir ýurtlar sanjymlama başlamady

1642768
BSGG Afrika Sanjym Ugratmagyň Depgininiň Gowşandygyny Beýan Etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Afrika materigine koronawirus sanjymynyň ugradylyşynyň depginiň gowşandygyny habar berdi

BSGG-nyň Afrika bölüminiň Direktory Dr.Matşidiso Moeti metbugata beren beýannamasynda sanjym üpjünçiliginde depginiň gowşamagynyň, sanjym öndürýän ýurtlardan biri bolan Hindistanda pandemiýanyň çaltlyk bilen ýaýramagyndan gelip çykýandygyny aýtdy.

Moeti materigin fewral-maý aýlarynda Global elýeterlilik maksatnamasynyň çäginde 66 million doza sanjyma garaşýandygyny, emma onuň 18 milliona barabar bolandygyny beýan etdi.

Sanjymyň Afrikada öndürilmegi üçin islegiň ýokarydygyny nygtan Moeti, onuň orta we uzak möhletde netijeli bolup biljekdigini aýtdy.

Materikdäki ýurtlaryň arasynda sanjym üpjünçiliginde adalatsyzlyklaryň bardygyny beýan eden Moeti; “Seýşeller ilatynyň 67 göterimini sanjymlan bolsa, 14 Afrika ýurdy ilatynyň 1 göteriminem sanjymlap bilmedi, 4 ýurda bolsa sanjymlama başlamady” diýdi.

Afrika materiginde 4,760 000 adam wirusa ýolukdy, 127 müň adam bolsa wirus sebäpli pida boldy.


Etiketkalar: #Afrika materigi , #sanjym , #BSGG

Degişli Habarlar